Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Orsýet gozgalaňçylaryň humiki ýaragy ulanandygyny aýdýar


Siriýanyň Aleppo şäheri.
Siriýanyň Aleppo şäheri.

Orsýetiň harbylary gozgalaňçylaryň Siriýanyň gabawdaky Aleppo şäherinde himiki ýaraglary ulanmagynyň subutnamalarynyň bardygyny aýdýarlar.

“Orsýetiň goranmak ministrliginiň bilermenleri terrorçylara degişli içi zäherli maddaly ulanylan top gurallaryny tapdylar”, diýlip harbylaryň 11-nji noýabrda ýaýradan beýannamasynda aýdylýar.

Beýannama laýyklykda, gozgalaňçylaryň enjamlarynda tapylan zäherli jisimleriň hlorin gazy we ak fosfor bolmagy mümkin.

Hlorini ýarag hökmünde ulanmaklyk Himiki ýaraglar boýunça halkara konwensiýasy tarapyndan gadagan edilýär. Siriýa bu konwensiýa 2013-nji ýylda öz ýarany Orsýetiň basyşy astynda goşulypdy.

Orsýetiň goranmak ministrligi Orsýetiň harby laboratoriýalarynda has köp barlaglaryň geçiriljekdigini mälim etdi.

Geçen aýda Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça gurama Siriýanyň hökümet güýçleriniň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda obalarda hlorinli gazy ulanmak arkaly hüjümleri amala aşyrandygy barada netijä geldi.

Muňa garamazdan Orsýet bu netijeleri ret edip, olaryň “ynandyryjy däldigini” aýdýar we munuň bilen baglylykda Siriýa garşy hiç hili sanksiýalaryň girizilmeli däldigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG