Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Minskde metjit açýar


Belarusyň we Türkiýäniň prezidentleri Alýaksandr Lukaşenka we Rejep Taýyp Erdogan , Minsk, 11-nji noýabr, 2016.

Belarusyň we Türkiýäniň prezidentleri Alýaksandr Lukaşenka we Rejep Taýyp Erdogan , Minsk, 11-nji noýabr, 2016.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Belarusa bardy. Erdogan Belarusyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşar we Minskde baş metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Erdogan we onuň belarusly kärdeşi Alýaksandr Lukaşenka ýurtlaryň ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklaryny maslahat etdiler we bilelikdäki biznes forumyna gatnaşdylar.

Erdogan Ankara bilen bilelikde gurulan täze baş metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşar. Täze metjit sowet döwründe ýurduň kommunistik režimi tarapyndan ýumrulan taryhy metjidiň duran ýerinde bina edildi. Minskiň köne metjidi Belarusyň lipka-tatar jemgyýeti tarapyndan gurulypdy.

Lipka tatarlar 13-nji we 14-nji asyrlarda şol döwürdäki Beýik Litwa döwletine degişli giňişliklerde ornaşypdy. Lipka tatarlaryň uly bolmadyk jemgyýetleri häzirki wagtda Belarusda, Polşada we Litwada ýaşaýarlar.

Bu etnik toparyň köp agzalary özleriniň türki ene dilinde geplemeýän hem bolsalar, öz dinini saklapdyr.

XS
SM
MD
LG