Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda dollarçylara 'berk çäre' görülýär


Lebap. Dollar nobaty.
Lebap. Dollar nobaty.

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabadyň bazarlarynda indi iki hepde bäri walýuta alyş-çalyş söwdasy bilenmeşgullanýanlara polisiýa tarapyndan berk çäreler görülýär.

Walýuta alyş-çalyş işleri bilen meşgullanýanlara il arasynda «dollarçylar» diýilýär. Sebäbi olaryň esasy çalyşýan walýutasy amerikan dollary bolup durýar. Emma Türkmenabadyň bazarlarynda walýuta söwdasyny edýänler, dollardan başga, özbek somuny we rus rubllaryny hem çalşyp berýärler.

Şol sebäpden hem olaryň hyzmaty häzir ilat üçin döwlet bankynyň ýerini tutýar diýse-de bolýar. Häzirki wagtda, aýdylmagyna görä, bir amerikan dollaryny olar 6.40 manatdan satyn alýarlar we ilata 6.80 manatdan satýarlar.

Emma soňky iki hepdede olaryň işi örän kynlaşdy. Şaýatlaryň berýän gürrüňlerine görä, häzir bazarlaryň içine, walýuta söwdagärlerine garşy çäre görmek üçin, raýat eşigindäki polisiýa işgärleri goýberilýär.

Eger olar walýuta çalşyp duran wagty tutulsa, pullary alynýar we azyndan 1000 manat jerime tölemeli bolýarlar. Gözi bilen görenler polisiýanyň adamlarynyň, hamala, pul çalyşmakçy bolýan kişi bolup, eýýäm birnäçe adamy tutandyklaryny hem aýdýarlar.

Şol sebäpden hem häzir adatça şol bir belli-belli ýerlerde durýan walýuta söwdagärleri bazaryň hiç ýerinde görünmeýär.

Ýöne bu gara bazardaky walýuta söwdasynyň doly ýatandygyny aňlatmaýar. Walýutaçylaryň käbiri öz işinigizlinlikde dowam etdirýär, ýöne gorkusyna bu işi häzirlikçe bes eden adamlaryň hem bardygy aýdylýar.

«Meniň dollarçy tanşym bardy, häzirki ýagdaýlar sebäpli ol öz işini goýdy. Sebäbi ol öz howpsuzlygyndan alada edýär. Polisiýa ony tutup, jerime saldy we pullaryny aldy. Ýene bir gezek gaýtalan ýagdaýynda ony azatlykdan mahrum etjekdikleri barada duýdurylandygyny hem gürrüň berdi» - diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly ildeşimiz Aşyr aýdýar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan lebaplylaryň aýtmaklaryna görä, walýuta söwdagärlerine diňe bazaryň töwereginde däl, eýsem öz öýleriniň daş-töwereginde hem, grajdan eşikdäki polisiýa işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýär. Käbir walýutaçylaryň bolsa, öýlerine baryp, barlag geçirilendigi hakynda hem maglumat bar.

Bu hili barlag netijesinde öýünden dollar ýa başga bir walýuta tapylan adamlaryň tutulan pullary tutuşlygyna hökümetiň haýryna geçirilýär. Şeýle-de olary polisiýa bölümine alyp gidip, walýutany nireden alandygy, nädip we nireden gazanandygy barada düşündiriş ýazdyrýarlar.

Walýuta alyş-çalyş işleri bilen meşgullanýanlara ýakyn çeşmeleriň aýdýan sözlerine görä, öýi barlanan adamlaryň öýlerinde gözegçilik kameralary gurnalan bolsa, onda dollarçylaryň öýüne gelenler hem ýekänme- ýekän polisiýa bölümine çagyrylyp, sorag edilýär.

Olara esasan «Walýutaçynyň öýüne näme üçin bardyň? Näme tanyşlygyň bar?» diýen ýaly soraglary berýärler we düşündiriş ýazdyrýarlar.

Dollarçylara salynýan jerimeleriň möçberiniň kähalatda 4000 manada çenli ýetýändigi, üstesine olaryň daşary ýurt markaly awtoulaglarynyň hem hökümet haýryna geçirilýändigi aýdylýar.

Mundanam başga, walýutaçylaryň diňe özlerine däl, hatda olaryň dogan-garyndaşlaryna hem basyş edilýändigi barada resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlar bar.

«Meniň dollarçy tanşymyň gyzy bazara azyk almagagidende, nätanyş adamlar ony tä bazardan çykýança yzarladylar. Gorkup, ýüzi ak tam bolan gyz taksi tutup, öýüne geleninden soňra özüne geldi» - diýip, 35 ýaşlaryndaky türkmenabatly ildeşimiz Baýram aýdýar.

Gowuşýan maglumatlara görä, polisiýa işgärleriniň dollarçylaryň garyndaşlaryny bazaryň içinde uzakdan el telefonlary bilen wideoýazga düşüren halatlary hem bolupdyr.

«Puly kändir öýdüp, dollarçylaryň ýagysy köpelýär. Jenaýatçylardan başga, häzirki wagtda indi polisiýanyň işgärleri hem gizlinlikde yzarlap başladylar. Bu biziň üçin gaty gorkuly» diýip, öň dollar söwdasy bilen meşgullanan türkmenabatly, 45 ýaşlaryndakySerdar aýdýar.

Bu ýagdaý dollarçylary bazarlarda durýan nokatlaryndan tapmadyk adaty raýatlar üçin uly kynçylyk döredýär.

Polisiýa işgärleri «Dollary nirede çalyşmaly?» diýen soraga gysgaça “bankda» diýip jogap berýärler.

Emma häzir bankyň kesgitlän kursy bilen deňeşdireniňde, dollarçylar walýutany iki esse gymmat bahadan satyn alýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda walýuta alyş-çalyş operasiýalaryna girizilen çäklendirmeler oktýabr aýynda bir dollaryň 8 manada çenli baryp ýetmegine getirdi. Emma noýabryň başynda gara bazardaky dollaryň 6.20 manada çenli arzanlandygy barada habarlar ýaýrady.

Bu habar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň käbir telekeçilere walýuta çalyşmak mümkinçiligini döredenligi baradaky maglumatlaryň yz ýanynana gabat geldi.

XS
SM
MD
LG