Sepleriň elýeterliligi

Rus ekspertleri we Trampyň ABŞ-Russiýa gatnaşyklaryna ýetirip biljek täsiri


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Birleşen Ştatlaryň nobatdaky prezidenti wezipesine saýlanan Donald Tramp.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Birleşen Ştatlaryň nobatdaky prezidenti wezipesine saýlanan Donald Tramp.

Emläk tütjary Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň nobatdaky prezidenti wezipesine saýlanandan iki gün soň, russiýaly garaşsyz syýasy analitikler munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin nämäniň aňladýandygy dogrusynda pikir çakyşdyrdylar.

Trampyň rus prezidenti Wladimir Putini has az tankyt etmeginiň mümkindigi we Obamadan tapawutlylykda, Moskwa bilen ylalaşyklary baglaşmaga has isleglidigi baradaky alamatlara garamazdan, ol bir syr görnüşinde saklanyp galýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy garaşsyz russiýaly analitiklerinden halkara gatnaşyklarynyň bu täze tapgyrynyň potensial mümkinçilikleri we howplary barada pikirlerini sorady.

Oppozision syýasatçy Ilýa Ýaşin: “Rus propogandasy we amerikan mediasy Trampa, hamana, ol Putiniň agentidigi ýaly at ýa-da pikir döretdi. Hem [Demokratlaryň kandidaty Hilari Klintonyň] we Putiniň saýlawçylary munuň Putiniň ýeňşidigine, ýagny Kremliň Birleşen Ştatlardaky öz prezidentine ýetendigine ynanýarlar. Emma bu Tramp üçin örän uly problema, sebäbi ol indi özüniň Putiniň kandidaty däldigini subut etmeli bolar. Trampyň muny nädip subut etjekdigini, biz onuň häsiýetini, temperamentini we adaty bolmadyk syýasy tejribesini nazara alanymyzda, diňe çaklap bileris”.

Ol ýerde esasy soraglar bar”

Russiýanyň Birleşen Ştatlardaky öňki ilçisi we rus Dumasynyň Daşary işler komitetiniň öňki agzasy Wladimir Lukin täze amerikan administrasiýasyna gaýtadan başlamaga mümkinçilik berilmelidigine ynanýar:

“Eger men biziň administrasiýamyzda bolsadym, onda men täze administrasiýa arassa sahypadan başlamak mümkinçiligini teklip etmegi çynlakaý pikirlenerdim. Ýa-da öňki ýalňyşlara we kimiň dogry ýa-da ýalňyşdygyna üns bermän, gatnaşyklary has möhüm meselelere, global syýasatyň iň wajyp problemalaryna we iň pragmatik derejelerdäki ikitaraplaýyn gatnaşyklara gönükdirmegi teklip ederdim. Eger bu amala aşyrylsa, onda biziň dialoga başlamagymyz üçin gowy mümkinçilik bolar. Emma munuň haýsy tarapa gitjekdigini kim bilýar?”.

Moskwanyň ykdysadyýet mekdebiniň professory Wiktor Kuwaldin hem “bu mümkin bolmasa-da, biziň üçin iň gowy zadyň arassa sahypadan başlamakdygyna ynanýaryn” diýýär.

Anyk eglişikler

“Ol ýerde Ukraina, Siriýa bar. Ol ýerde esasy sorag bar: Biz Birleşen Ştatlary dünýäniň esasy güýçli ýurdy diýip kabul edýärismi ýa-da ýok? Şeýle-de, Birleşen Ştatlar biziň demirgazyk Ýewropadan başlap gündogar Aziýa çenli köpregional bähbitli regional güýç hökmünde biziň kanuny gyzyklanmalarymyzy ykrar edýärmi? Bu meselelerden gaçyp bolmaýar.”

Syýasy analitik Stanislaw Belkowskiýniň aýtmagyna görä, esasy zat Tramp-Putin sammitiniň geçirilip-geçirilmezligi däl, esasy zat onuň güntertibiniň nämedigine we onuň netijeleriniň nähili boljakdygyna bagly.

“Men Donald Trampyň ýerli meseleler babatda Russiýa käbir anyk eglişikleri edip biljekdigine ynanýaryn. Şeýle-de, men Trampyň işewür hökmünde her bir adam bilen ylalaşyga gelmäge öwrenşendigi bilen hem ylalaşýaryn. Emma biz Trampy öňünden çak edip bolmaýandygy baradaky hakykaty gözden sypdyryp bilmeris. Tramp özüniň rus agentidigi baradaky pikirlerden saplanmaly bolar. Ol haýsydyr bir usul bilen munuň daşyndan aýlanmaly bolar. Bu bolsa, Russiýa ýakymly ýa-da ýakymsyz garaşylmadyk ýagdaýlary getirip biler”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG