Sepleriň elýeterliligi

ÝB, Türkmenistan Brusselde maslahat geçirdiler


Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň baýdaklary

Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň baýdaklary

10-njy noýabrda Brusselde Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki komitetiniň 16-njy maslahaty geçirildi.

Komitet Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasynda geçen ýylyň dowamynda söwda, ykdysady gatnaşyklar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça öňegidişliklere syn etdi. Taraplaryň global ykdysady ýagdaý, ikitaplaýyn söwda gatnaşyklary we Türkmenistandaky reformalar barada maslahat geçirendigi habar berildi.

Ýewropa Bileleşiginiň resmi maglumatynda Türkmenistandaky syýasy ýagdaýa, şol sanda ýurduň konstitusion reformasyna hem adam hukuklary boýunça baş wekili ombudsmen wezipesini döretmek kararyna we adam hukuklary boýunça planlaryna üns berilendigi aýdyldy.

Maslahata gatnaşan Türkmenistanyň resmi toparyna ýurduň maliýe ministri Muhammetguly Muhammedow ýolbaşçylyk etdi.

XS
SM
MD
LG