Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti ABŞ-nyň saýlanan prezidentini  gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Trampyň ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli, oňa gutlag hatyny iberdi.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, türkmen prezidenti
“şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dostlukly halkyna bolsa öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi”.

Mundanam başga, prezident Berdimuhamedow ABŞ-nyň saýlanan prezidentine “örän uly hormat goýýandygy hem-de Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga çalyşýandygy baradaky ynandyrmalaryny beýan etdi diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG