Sepleriň elýeterliligi

Eýranly aýatolla Trampy 'Eýran bilen oýun etmezlige' çagyrdy


Eýranly aýatolla Ahmad Hatami

Eýranly aýatolla Ahmad Hatami

Eýranly aýatolla Ahmad Hatami ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampy Eýran bilen oýun oýnamazlyga çagyrdy.

Tramp eýranlylaryň «Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna garşy soňky demine çenli garşy durjagyny» bilmelidir diýip, täsirli ruhany Tähranda, 11-nji noýabrdaky anna namazy mahalynda aýtdy. Ol Tähranyň Trampdan öňki amerikan liderleriniň hem birnäçesiniň lapyny keç edendigini sözüne goşdy.

«Tramp öz prezidentlik kampaniýasy mahalynda Eýrana garşy aýdan gelşiksiz sözleri üçin ötünç soramalydyr» diýip, Hatami sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýle-de ol «Biz beýleki ýurtlaryň halkyny we olaryň saýlawlaryny hormatlaýarys» diýdi.

Şu aralykda Yragyň şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr Trampyň saýlanmagyny Amerikanyň gaýtgynlygynyň alamaty diýip atlandyrdy. Ol amerikanlary Trampyň musulmanlar we azlyklar babatdaky çydamsyz garaýyşlaryna garşy durmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG