Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" Bagram hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Bagram howa bazasyna tarap barýan ABŞ dikuçary

Bagram howa bazasyna tarap barýan ABŞ dikuçary

NATO-nyň Bagramdaky howa bazasynda, owgan paýtagty Kabulyň demirgazygynda bolan partlamanyň jogapkärçiligini «Talyban» öz boýnuna aldy.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Aýgytly goldaw missiýasy 12-nji noýabrdaky hüjümiň dört adamy öldürip, azyndan 14 adamy ýaralandygyny aýdýan beýanat çap etdi. Pidalaryň şahsyýetleri anyklaşdyrylmady.

Beýanatda partlaýjy enjamyň ýerli wagt bilen ir sagat 5:30-yň yz ýanlary, gorag güýçleriniň we medisina brigadasynyň bolýan ýerinde ýarylandygy aýdylýar.

Beýanatda başga detal aýdylmaýar, emma ýerli metbugat işçi sypatyna giren bir adamyň baza girip, ol ýerde janyndan geçeniň partlaýjyly guşagyny partladandygyny aýdýar.

Eger bu diýilýänleriň dogrudygy subut bolsa, ýurtdaky iň berk goragly edaralaryň hem düýpli howpsuzlyk kemçiliginiň bardygy belli bolar.

«Talybanyň» sözçüsi Zabihullah Mujahid twitterde beýanat çap edip, bu partlamany öz guramasynyň amala aşyrandygyny aýtdy.

Bagram bazasy talyban jeňçileriniň hüjümlerineýygy-ýygydan sezewar bolýar.
Geçen dekabrda talybanyň janyndan geçen motorly bombaçysy Owganystanyň iň uly bazasynyň golaýynda alty sany amerikan esgerini öldürdi.

Bu 2015-nji ýylda bu ýurtdaky daşary ýurt goşunlaryna edilen iň ganly hüjüm boldy.

10-njy noýabr agşamy bolsa, «Talyban» demirgazyk şäher Mazary-Şerifde janyndan geçen bombaçynyň hüjümini gurnap, dört adamy öldürdi, 100-den gowrak adamy bolsa ýaralady.

Bagramda 10 müň çemesi amerikan esgerigulluk edýär we olar owgan howpsuzlyk güýçlerine tälim bermek missiýasyny ýerine ýetirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG