Sepleriň elýeterliligi

Trampyň prezident saýlanmagyna garşy protestler dowam edýär


Protetçiler

Protetçiler

Donald Trampyň prezident saýlanmagyna garşy protest bildirýän adamlar 11-nji noýabrda, birnäçe amerikan şäherinde üçünji gije hem nägilelik bildirmäge toplandy.

Maýami, Atlanta, Filadelfiýa, Nýu-Ýork, San-Fransisko, Portland we Oregon şäherlerinde köçelere çykan müňlerçe protestçi Trampyň immigrantlar, musulmanlar we aýallar baradaky gapma-garşylykly pikirlerine garşy gahar-gazaplaryny bildirdi.

Maýamide birnäçe müň protestçi şäher merkezinden ýöriş etse, birnäçe ýüz adam uly ýola çykyp, iki tarapyň hem hereketini togtatdy.

Nýu-Ýorkda 1200 çemesi demonstrant ýene Waşington skwer parkynda we Trampyň ýaşaýan Tramp diňiniň ýanynda toplandy.

Nýu-Ýork şäherindäki protestçiler "Meniň prezidentim däl! Biz saýlanan prezidenti ret edýäris!", "Donald Tramp, çekil-eý – jynsparaz, seksist, anti-geý!" diýip gygyrdylar.

Başda protestçileri «professionallar» we media tarapyndan «öjükdirilen» adamlar hökmünde ýazgaran bolsa, Tramp 11-nji noýabrda ugruny üýtgetdi we olary öwdi.

"Protestçileriň kiçi toparlarynyň öten agşam biziň beýik ýurdumyz babatda yhlas görkezişini haladym. Biziň hemmämiz bir ýere jemleneris we buýsançly bolarys» diýip, Tramp twitterde aýtdy.

Soňky ýygnanşyklarda zorlukly wakalaryň we tussag etmeleriň bolandygy aýdylmady. 10-njy noýabrda Portlandda bolan protestler mahalynda demonstrasiýaçylaryň käbiri täze maşynlaryň satylýan ýerine zat zyňyp, zyýan ýetiripdi. Ol ýerde polisiýa azyndan 26 adamy tussag etdi.

Guramaçylar demonstrasiýalary hepde ahyrynda hem dowam etmegi planlaşdyrýandyklaryny aýtdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG