Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Efiopiýada 11 müň adam tussag edildi


Efiopiýa, Omo deresiniň adamlary.
Efiopiýa, Omo deresiniň adamlary.

Efiopiýanyň bir resmisi hökümetiň 9-njy noýabrda yglan edilen adatdan daşary ýagdaýdan bäri 11 müňden gowrak adamy tussag edendigini aýtdy.

Adatdan daşary ýagdaýlar derňewiniň geňeş başlygy Taddesse Hordofa 12-nji noýabrda EBC döwlet telewideniýesine 11,607 adamyň, şol sanda 347 aýalyň tussag edilendigini aýtdy. Tussaglar ýurduň dürli ýerlerindäki türmelerde saklanýar.

Hordofa tussaglaryň «howpsuzlyk güýçlerine hüjüm etmek, asuda adamlary we howpsuzlyk güýçleriniň agzalaryny öldürmek» ýaly jenaýatlardan başlap, «jemgyýetçilik gulluklaryndan ýüz öwürmek, awtoulaglaryň hereketine päsgelçilik döretmek" ýaly aýyplardaaýyplanýandygyny aýtdy.

Efiopiýada 25 ýyl bäri häkimiýete eýeçilik edýän hökümet ýurduň merkezinden demirgazygyna ýaýran gozgalaňdan soň alty aýlyk adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler gozgalaň mahalynda ýüzlerçe adamyň ölendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG