Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde 10 sany merkezi aziýaly tutuldy


FSB reýd mahalynda tüpeňleriň we oklaryň tapylandygyny aýtdy.

FSB reýd mahalynda tüpeňleriň we oklaryň tapylandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk güýçleri 12-nji noýabrda Moskwada we Sankt Peterburgda geçirilen ýörite operasiýalar mahalynda terrorçylykda güman edilýän 10 adamyň tussag edilendigini aýdýar.

Tussag edilenleriň suratlandyrylyşyndan çen tutulsa, olar merkezi aziýalylar bolup durýar.

Federal howpsuzlyk gullugynyň – FSB-niň beýanatynda bu işde Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gulluklary bilen hyzmatdaşlyk edilendigi bellenilýär.

FSB reýdler mahalynda dört sany örän güýçli ýasama partlaýjynyň, uzakdan ýarylýan partlaýjy enjamlaryň, tüpeňleriň we oklaryň, aragatnaşyk enjamlarynyň tapylandygyny aýtdy.

Resmiler güman edilýänleri “Yslam döwleti” ekstremist topary bilen aragatnaşyk saklamakda aýypladylar.

XS
SM
MD
LG