Sepleriň elýeterliligi

Pakistan partlamasynda 50 adam öldi


Partlamanyň pidalary

Partlamanyň pidalary

Resmiler Pakistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän sopy öwlüýäsinde bolan bomba partlamasynda azyndan 50 adamyň ölüp, 100-den gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Bu ganly hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» ekstremist topary öz boýnuna aldy.

Pakistanyň Bulujystan regionynyň içeri işler ministri Mir Sarfaraz Ahmed Bugti 12-nji noýabrda žurnalistlere bu partlamanyň Şa Nurany öwlüýäsinde, Karaçi şäherinden 100 km çemesi demirgazykda bolandygyny aýtdy.

Ýaraly bolanlaryň köpüsi Karaçiniň hassahanalaryna alnyp gidildi.

YD topary özüniň «Amak» habar gullugy arkaly ýaýradan beýanatynda bu hüjümi özüne eýerijileriň amala aşyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG