Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanlar prezident saýlaýarlar


Maia Sandu, prezidentlige kandidat
Maia Sandu, prezidentlige kandidat

Moldowanlar prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda, ýurduň Orsýete ýa Ýewropa Bileleşigine ýakynlajagyny aňlatjak aýgytly saýlawda ses berýärler.

Sosialist partiýanyň lideri we kommunist hökümetiň söwda ministri bolan Igor Dodon geçen aýdaky saýlawlaryň birinji tapgyrynda ikinji bolan Maia Sandudan 10 dereje öňde geldi, emma ol aglaba köplügi gazanyp bilmedi.

Bütindünýä bankynyň ozalky ykdysatçysy we bilim ministri Sandu Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga çagyrdy we Moldowanyň esasy energiýa üpjünçisi bolan Orsýet bilen ykdysady ýakynlaşmanyň howpludygyny duýdurdy.

"Moldowadaky durmuş-ýaşaýyş çekip-çydar ýaly bolmady, biziň Orsýet bilen hyzmatdaşlygymyz weýran edildi, biz ägirt uly bazary ýitirdik" diýip, Dodon golaýda sözlän kampaniýa sözünde aýtdy.

XS
SM
MD
LG