Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Türkmen migrantlary näme üçin 'köp jenaýat' edýär?


Aksaraý metro stansiýasy

Aksaraý metro stansiýasy

Soňky günler Türkiýäniň metbugatynda bu ýurtda ýaşaýan türkmenistanly migrantlaryň jenaýatçylykly hereketleri barada birnäçe habar peýda boldy.

Elbetde, mundan öňem şeýle habarlar çykýardy. Galyberse, Orsýet, Ukraina, Belarus ýaly öňki sowet respublikalarynda okaýan, işleýän türkmenistanlylaryň hem jenaýatda tutulyşy barada şol ýurtlaryň metbugatynda habarlar çykýar.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň metbugatynda ýurt içinde we daşynda türkmen raýatlarynyň gatnaşmagynda edilýän jenaýatlar barada yzygider we ýeterlik maglumatlar berilmeýär.

Eýsem, Türkiýä baran migrant türkmenleriň atlary näme sebäpden jenaýat habarlaryna köp düşýär we bu ýagdaý ol ýerde ýaşaýan we işleýän, okaýan türkmenistanlylarda nähili pikir-garýyşlary ýa-da soraglary döredýär?

Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sanynda, Türkiýede ýaşaýan zähmet migrantlary Arzuw, Öwez, Rozybaý dagynyň gatnaşmagynda, Türkiýedäki türkmenistanlylar we jenaýat barada pikir alşylýar.

Bu söhbeti diňläp, sizi hem öz pikir-garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG