Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Kürt güýçleri arap öýlerini ýumurýar


Kerkuk, kürt güýçleri YD pozisiýalaryna hüjüm edýär.
Kerkuk, kürt güýçleri YD pozisiýalaryna hüjüm edýär.

«Human Rights Watch» guramasy demirgazyk Yrakdaky regional kürt hökümetiniň howpsuzlyk güýçleriniň «Yslam döwleti» jeňçi toparyndan yzyna alnan ýerlerde «uly möçberdäki arap öýlerini», «kähalatda tutuş obalary» ýumrandygyny» aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň 13-nji noýabrda çap eden beýanatynda «Yslam döwleti» toparyna garşy ilerleýän kürt güýçleriniň 2014-nji ýylyň sentýabry bilen 2016-njy ýylyň maýy aralygynda Kerkuk we Ninewah sebitleriniň dawaly ýerlerinde ýerleşýän arap öýlerini ýumrandyklary, kürt öýlerine bolsa degmändikleri aýdylýar.

Mundanam başga, HRW 2016-njy ýylyň oktýabrynda amala aşyrylan öý ýykyşlyklary dokumentleşdirendigini aýdýar.

Hasabatda dawaly ýerlerde amala aşyrylan öý ýykyşlyklaryň kürtleriň bu ýerleri öz awtonom regionlaryna goşmak niýetleri bilen baglydygy, emma Bagdatdaky hökümetiň muňa garşydygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG