Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň parlament delegasiýasy Eýrana sapar edýär


Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň spikeri Walentina Matwiýenko

Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň spikeri Walentina Matwiýenko

Rus parlamentiniň ýokarky palatasynyň delegasiýasy 13-nji noýabrda Eýrana resmi sapara bardy.

Delegasiýa Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň spikeri Walentina Matwiýenko ýolbaşçylyk edýär. Rus kanunçylary iki günlük saparyň dowamynda eýran syýasatçylary, şol sanda parlament spikeri Ali Larijani bilen-de duşuşar.

Iki tarapyň wekilleri ykdysady gatnaşyklary, regional hyzmatdaşlygy giňeltmek, rus prezidenti Wladimir Putin bilen Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň awgust aýynda Bakuwda bolan duşuşykda gol çekişen ikitaraplaýyn şertnamalaryny durmuşa geçirmek barada maslahat eder.

Matwiýenko gepleşikler mahalynda regional howpsuzlyk meseleleri, terrorçylyga garşy göreşmek barada hem maslahat ediljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG