Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Gwadar portunda täze halkara söwda ýoly açylýar


 Gwadar porty
Gwadar porty

Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif ýurduň günorta-günbataryna, Arap deňzindäki Gwadar portuna täze söwda işiniň başlangyjyny bellemäge geldi.

Hytaýyň demirgazyk-günbatar Sinjiaň regionyndan gaýdýan ýoly ulanan ýük maşynlarynyň ilkinji harytly kerweni Gwadara 12-nji noýabrda geldi.

Hytaý gämileri Hytaý tarapyndan Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryna ýük ugratmak üçin maliýeleşdirilen portda taýýar bolup durdy.

Şarif 13-nji noýabrdaky açylyş dabarasynda sözlän sözünde daşary ýurt maýadarlarynyň bu porty ulanyp, halkara söwdasynyň gerimini giňeltmegi üçinöz ýurdunyň mümkin bolan iň gowy howpsuzlyk çärelerini görjekdigini aýtdy.

Bu port Bulujystan welaýatynda, öten agşam bir sopy öwlüýäsinde 50 adamyň öldürilen ýerinde ýerleşýär. Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG