Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan hindi hüjüminde ýedi esger öldi diýýär


Hindistanyň Serhet güýçleriniň agzasy.
Hindistanyň Serhet güýçleriniň agzasy.

Pakistan dawaly Kaşmir regionynda amala aşyrylan hindi hüjümlerinde özüniň ýedi esgeriniň öldürilendigini aýdýar.

Gürrüňi edilýän esgerler Pakistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmirdäki de fakto, ýagny iş ýüzündäki serhediň Bhimber sebitinde öldürildiler diýip, 14-nji noýabrda Pakistanyň harbylary aýtdylar.

Pakistanyň goşuny “öjükdirilmedik” hindi hüjümlerine gaýtawul berdi diýip, pakistan armiýasy aýtdy.

Iki ýurt hem birek-biregini öjükdirilmedik hüjümlere baş goşmakda yzygiderli aýyplaýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda Hindistan düýbi Pakistanda ýerleşýän söweşijileri Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan sebitindäki harby baza hüjümleri başlatmakda we 18 esgeri öldürmekde aýyplany bäri, ýadro ýaragyna eýe iki goňşy ýurduň arasyndaky dartgynlylyklar güýçlenýär.

XS
SM
MD
LG