Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda howanyň aşa hapalanmagy netijesinde mekdepler ýapyldy


Tähranda howanyň aşa hapalanmagy netijesinde mekdepler ýapyldy
Tähranda howanyň aşa hapalanmagy netijesinde mekdepler ýapyldy

14-nji noýabrda Tähranyň häkimiýetleri şäherde howanyň howply derejede hapalanmagy sebäpli mekdepleri ýapdylar.

“Duşenbe güni Tähranda we welaýatyň ençeme şäherinde çagalar baglary we başlangyç synp mekdepleri ýapyldy” diýip, resmi “IRNA” agentligi Eýranyň Bilim ministrligine salgylanyp habar berýär.

13-nji noýabrda Eýranyň paýtagtyny goýy tüsse gaplady. Bu Tähranyň 14 million çemesi ilatynyň aglabasynyň öýden çykmazlygyna we köçelerde ýüzlerine maska, örtgi dakmagyna sebäp boldy.

Tähranda howanyň aşa hapalanmagynyň 16-njy noýabra çenli dowam etmegine garaşylýar. Şondan soň ýurduň howa maglumaty edarasy ýeliň durgun, hereketsiz howany alyp gitmegine garaşýar diýip, Eýranyň döwlet telewideniýesindäki resmi aýtdy.

Tähran dünýäde howanyň derejesi boýunça iň aşa hapalanan paýtagtlaryň biridir.

XS
SM
MD
LG