Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mogerini: ÝB-niň Russiýa babatdaky syýasaty üýtgemez


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini Birleşen Şatlar ýurduň nobatdaky prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň baştutanlygynda özüniň Russiýa babatdaky pozisiýasyny üýtgetse-de, ÝB öz syýasatyny üýtgetmez diýdi.

Şeýle-de, ol Ýewropa Bileleşiginiň “Krymyň anneksiýa edilmegi we Ukraindaky ýagdaýlar babatda örän berk pozisiýasynyň” bardygyny aýdyp, munuň “beýlekileriň syýasatynda bolaýmagy mümkin üýtgeşiklige görä” üýtgemejekdigini nygtady.

Mogerini bu baradaky çykyşyny, 13-nji noýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Birleşen Ştatlardaky prezidentlik saýlawlarynyň netijelerini maslahat etmek üçin geçiren ýörite ýygnagyndan soň mälim etdi.

Trampyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini öwüp eden çykyşlary, onuň Birleşen Ştatlaryň Moskwa babatdaky syýasatyny we oňa garşy girizilen ykdysady sanksiýalary gowşatmagy mümkindigi baradaky aladalaryň artmagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG