Sepleriň elýeterliligi

Russiýa ABŞ bilen gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmäge taýýardygyny aýtdy


Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Moskwa Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň prezidentligine saýlanan mahaly, özüniň Waşington bilen gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmek üçin gyssagly iş alyp barmaga taýýardygyny aýtdy.

“Russiýa tarapy, wagt ýitirmezden, Birleşen Ştatlarda möhleti tamamlanyp barýan administrasiýa tarapyndan krizis ýagdaýyna getirilen häzirki gatnaşyklary gaýtadan dikeltmegiň üstünde işläp başlamaga taýýar” diýip, 14-nji noýabrda “TASS” habar agentligi Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkowa salgylanyp beren maglumatynda aýtdy.

Emma Rýabkow orsýetli resmileriň Trampyň syýasy planlary barada örän az maglumat bilýändigini aýdyp, olar onuň saýlaw kampaniýasy döwründe beren wadalary bilen işe girişmegi netijesinde durmuşa geçirjek syýasatynyň arasynda üýtgeşiklikleriň boljakdygyny bilýärler diýdi.

“Biz alamatlar we wadalar esasynda däl, amala aşyrylan işlere görä hereket ederis” diýip, Rýabkow belledi.

XS
SM
MD
LG