Sepleriň elýeterliligi

Moldowa: Dodon saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny aýdýar


Igor Dodon

Igor Dodon

Ses berişligiň gutarnykly diýerlik netijeleri Moldowanyň prezidentlik saýlawynyň ikinji tapgyrynda Orsýete ýykgyn edýän kandidat Igor Dodonyň ýeňiş gazanandygyny görkezýär.

Berlen sesleriň 99.9 prosenti sanaldy. Munda Dodonyň gazananlary 52.29 prosent, Ýewropadan tarapdarlyk edýän kandidat Maia Sandunuň alanlary bolsa 47.71 prosent.

14-nji noýabrda Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Alina Russu: “Kanuna laýyklykda Igor Dodon Moldowanyň prezidenti bolýar, sebäbi ol ikinji tapgyrda sesleriň köplügini gazandy” diýdi.

Sosialistik partiýanyň başlygy Dodon şu gün ir bilen paýtagt Kişinýowda bir metbugat ýygnagynda: “Biz ýeňiji bolduk diýip bilýäris” diýdi.

Ol soňra hem biz ähli moldowanlara, hem Ýewropa Bileleşigine goşulmagy goldanlara, hem-de Moskwa bilen ýakyn gatanaşyklary isleýänlere prezident bolmagy wada etdik diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Dodon Hereket we raýdaşlyk partiýasynyň kandidaty Sandu “berk, ýöne gowy göreş” alyp bardy diýip, ondan adamlary “köşeşdirmek” boýunça kömek sorady.

Resmileriň aýtmagyna görä, hasaba alnan ilatyň takmynan 53.3 prosenti 13-nji noýabrda ses beripdir.

Ýöne köp moldowanlar ýurduň London, Buharest, Bolonýa we Moskwadaky ilçihanalarynda we konsulluklarynda ses berip bilmediler. Muňa hem sebäp bolan saýlaw işgärleriniň ýeterlik saýlaw kagyzlaryny ibermänligi.

Sandu saýlawlar gowy gurnalmandyr diýip, saýlaw resmileriniň wezipeden çekilmegine çagyrdy.

Ol: “Ýüzlerçe adam ses berip bilmedi. Uzak ýerden gelen raýatlar sowukda, ýagynda garaşsalar-da, ses berip bilmediler. Moldowan häkimiýetleri Moldowanyň raýatlarynyň ses bermäge bolan konstitusion hukugyny hormatlamadylar” diýdi.

Ses berip bilmedikleriň ählisi Sandunuň tarapdarlary diýip jedelleşilse-de, Dodonyň Sandudan aratapawudy ses berip bilmedikileriň sanyndan ýokary.

Sandu şeýle hem separatistik region Transdenýeprden köp adam ses berdi diýip, nägilelik bildirdi. Aýdylyşyna görä, Orsýetden tarapdarlyk edýän bu regionda 9 müň adam ses beridpir.

Syýasy analizçiler Sandu ikinji tapgyrda ýeňiş gazanjak bolsa, onda ol Ýewropa Bileleşine goşulmagy isleýänleriň köplük bolup ses berişlige gatnaşmagyny gazanmaly bolar diýip, öňünden aýdypdylar.

Gürrüňi edilýän saýlaw 1997-nji ýyldan bärde Moldowada prezidentiň parlament tarapyndan dälde, halk tarapynan göni saýlanan ilkinji saýlawydyr.

Kommunistik hökümetiň söwda ministri bolan Dodon oktýabrdaky saýlawlaryň birinji tapgyrynda ikinji bolan Maia Sandudan 10 dereje öňde gelse-de, sesleriň aglaba köplügini gazanyp bilmän, 13-nji noýabrda ikinji tapgyr bäsleşige çykmaly boldy.

Bütindünýä bankynyň ozalky ykdysatçysy we bilim ministri Sandu Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga çagyrdy we Moldowanyň esasy energiýa üpjünçisi bolan Orsýet bilen ýakyn ykdysady gatnaşygyň howpludygyny duýdurdy.

Dodon 13-nji noýabrda ses bereninden soň:

“Bu gün watanymyň geljegi üçin ses berdim. Men Moldowanyň geljeginiň bardygyna berk ynanýaryn. Moldowa agzybir, garaşsyz we özbaşdak ýurt bolar. Men öz ähli çagalarymyzyň şu ýurtdaky geljegi üçin ses berdim. Men ýurdy geçen ýedi ýyllykda dolandyranlaryň garşysyna ses berdim. Men oligarhlaryň, Moldowa respublikasyny dargatjak bolýanlaryň garşysyna ses berdim” diýdi.

Sandu hem 13-nji noýabrda Kişinýowda ses bereninden soňra žurnalistlere şeýle diýdi:

“Men bu ýurduň ajaýyp halky üçin ses berdim. Men kampaniýa geçen hepdeleriň dowamynda täzeden tanap, mende güýçli täsir galdyran adamlar üçin ses berdim. Men medeniýetlilige, hakykata, dogruçyl işe, bilime we mertebä ynanýan adamlar üçin ses berdim" diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG