Sepleriň elýeterliligi

Gaagadaky prokurorlar ABŞ Owganystanda 61 tussagy gynady diýýär


Gaagadaky Halkara Jenaýat sudunyň prokurory Fatou Bensouda.

Gaagadaky Halkara Jenaýat sudunyň prokurory Fatou Bensouda.

Gaagadaky Halkara Jenaýat sudunyň prokurorlary Birleşen Ştatlaryň Owganystanda tussaglary gynamalara sezewar etmek arkaly “uruş jenaýatlaryny” amala aşyrandygyna ynanmaga “makul esaslarynyň” bardygyny aýtdylar.

Birleşen Ştatlaryň harbylary Owganystanda azyndan 61 tussagy “gynamalara, ýowuz daramalara we kemsitmelere” sezewar etdi diýlip, 14-nji noýabrda çap edilen deslapky derňew hasabatynda aýdylýar.

Şeýle-de, raportda başga-da 27 adamynyň “CIA”, ýagny Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugy tarapyndan gynalandygy bellenilýär. Gürrüňi edilýän 27 adamyň aglabasy 2003-2004-nji ýyllar aralygynda Jorj W. Buşyň prezidentlik eden döwründe ‘etdi diýilýän’ jenaýatlary üçin gynamalara sezewar edildi diýlip, hasabatda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG