Sepleriň elýeterliligi

Türkmen, palestin resmileri dokumentleriň ençemesine gol goýdy


Palestina döwletiniň prezidenti Mahmud Abbas

Palestina döwletiniň prezidenti Mahmud Abbas

Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli türkmen-palestin gepleşikleriniň dowamynda resminamalaryň ençemesine gol goýuldy.

14-nji noýabrda Palestina döwletiniň prezidenti Mahmud Abbas we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki beýanata gol goýdular.

Şeýle-de, türkmen-palestin resmileri iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, ýokary bilim we turizm pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişme memorandumlaryna gol çekdiler.

Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň Aşgabada edýän resmi sapary 13-nji noýabrda başlandy we onuň 15-nji noýabrda tamamlanmagyna garaşylýar.

Onuň bu saparynyň çäginde Palestinanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň açylyş dabarasy hem amala aşyrylar diýlip, resmi metbugatda habar berilýär.

Türkmenistan bilen Palestinanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprel aýynda ýola goýlupdy.

XS
SM
MD
LG