Sepleriň elýeterliligi

Gazak pulunda Nazarbaýewiň suraty ýerleşdirilýär


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew

Gazagystanyň täze kagyz pulunyň ýüzünde ýurduň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň suraty bolar.

Gazagystanyň Milli bankynyň 15-nji noýabrda beren maglumatyna görä, 76 ýaşyndaky gazak lideriniň portreti ýerleşdirilen 10,000 teňňe ($30) 1-nji dekabrdan başlap dolanyşyga giriziler.

Gazagystanda resmi taýdan “Halkyň lideri” ady bilen tanalýan Nazarbaýew 1991-nji ýyldan bäri ýurda prezidentlik edýär. Ol ýurduň konstitusiýasyna birnäçe üýtgetmeleri girizmek we saýlawlarda simwoliki oppozisiýa bilen ýüzbe-ýüz bolmak arkaly häkimiýetdäki ýerini saklamagy başardy.

Gazagystan respublikasynyň birinji prezidentiniň güni her ýylyň 1-nji dekabrynda bellenilýär. Şol güni Nazarbaýewiň 1991-nji ýylda Gazagystanyň ilkinji garaşsyz prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG