Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulyň kitap sergisinde tussag ýazyjylara raýdaşlyk mitingi geçirildi


Stambulyň kitap sergisi
Stambulyň kitap sergisi

Bu ýyl 35-nji gezek gurnalýan Stambulyň kitap sergisi 12-nji noýabrda öz işine başlady. Kitap sergisiniň bu ýylky temasy "Pelsepe we ynsan". Kitap sergisiniň hormatly myhmany professor Ioanna Kuchuradionur, ýörite myhman Germaniýadan gelipdir.

Bu ýyl Stambul kitap sergisine takmynan 800 neşirýat we medeniýet guramasy gatnaşýar. Dokuz gün dowam etjek sergide özara pikir alyşyk, jedelleşikler, gürrüňdeşlik, goşgy okamak we çagalar üçin ýörite çäreler ýaly, umuman, 300 töwereginde çäreler durmuşa geçiriler. Meşhur türk ýazyjysy Ýylmaz Özdiliň "Adam" atly kitabynyň tanadylyşy hem bu sergide amala aşyrylar.

Bu ýylky Stambul kitap sergisiniň açylşynda ýatdan çykmajak bir hadysa boludy. Serginiň açylyşynda türk ýazyjylary we žurnalistleri tussag edilen ýazyjylar Asly Erdogan, Nejmiýe Alpaý we Turhan Günaý daga raýdaşlyk mitingini geçirdiler.

Türkiýäniň ýazyjylarynyň kärdeşler bileleşigi tarapyndan gurnalan ol mitingde, tussag edilen ýazyjylaryň suratlary bilen bilelikde olara goldaw üçin taýýarlanan ýörite şygarlar göterilipdir.

Sergi zalynyň içinde ýöriş geçiren ýazyjy hem žurnalistler "Žurnalistler terrorçy däl" we "Ýazyjylar dönük däl" diýen şygarlary aýdypdyrlar.

XS
SM
MD
LG