Sepleriň elýeterliligi

Köneürgenjiň köprüleri oňaýsyz däl-de, howply


Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň içinde we daşynda köprüleriň birnäçesi bar. Onlarça ýyl mundan ozal gurulan bu köprülere seredilende olaryň awtoulaglar we pyýadalar üçin diňe bir oňaýsyz däl-de, hatda, howpludygy barada hem pikir döreýär. Şäherde soňky ýykyň dowamynda gurulan iki sany täze köpri, bolsa, entek ulanylyşa berilmedi.

Azatlyk Radiosy Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjylarynyň köprülerden näderejede peýdalanýandygy, nähili kynçylyklary başdan geçirýändigi we nähili çykalga tapýandygy bilen gyzyklanyp, bu ýagdaý barada Türkmenistandaky habarçysy Mekan Täşliýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG