Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Ulýukaýewiň tutulmagy barada ‘doly derňew’geçirmäge çagyrdy


Russiýanyň ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew 15-nji noýabrda Moskwanyň suduna barýar. 2016 ý.

Russiýanyň ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew 15-nji noýabrda Moskwanyň suduna barýar. 2016 ý.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew ykdysady ösüş ministri Alekseý Ulýukaýewiň tutulmagy barada “doly derňew” geçirilmegine çagyrdy. Resmiler ministriň döwlet nebit kompaniýasyny satmakda para almak bilen baglylykda tussag edilendigini aýdýarlar.

Şeýle hem 15-nji noýabrda hökümetiň metbugat edarasy tarapyndan çykarylan beýannamada Ulýukaýewiň tutulmagy barada Medwedewiň prezident Wladimir Putin bilen hem pikir alşandygy bellenýär.

Ondan ozal Orsýetiň Derňew komiteti Ulýukaýewiň nebit läheňi “Rosneft” kompaniýasynyň oktýabrda “Başneft” kompaniýasyny satyn almagyna ýeňillik döredendigi üçin iki million dollar para alandygy sebäpli öten agşam tutulandygyny habar berdi.

“Rosnefte” Putiniň ýakyn ýarany we Orsýetde iň gudratly adamlaryň biri hasaplanýan Igor Seçin kontrollyk edýär.

Derňew komitetiniň bildirmegine görä, Orsýetiň 1991-nji ýyldan bärde tutulan iň ýokary derejeli resmisi bolan Ulýukaýewe basym güna bildiriler. Ol sud prosesine çenli boşadylýarmy ýa ýok diýen soraga kazyýet karar bermeli.

“Para alyp durka tutuldy”

“Ulýukaýew para alyp durka tutuldy” diýip, Komitetiň sözçüsi Swetlana Petrenko aýtdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskowyň aýtmagyna görä, derňew işine başlananda Putine habar edilipdir.

“Bular möhüm aýyplamalar. Bu barada diňe bir kazyýet karar berip biler” diýip, Peskow sözüniň üstüne goşdy.

Ulýukaýewi tussag astyna almakda Derňew komitetiniň esaslanýan jenaýat kanuny boýunça para alan adama alan parasynyň ýüz essesine çenli jerime salyp, belli wezipelerde bolmak gadagan edilip bilinýär ýa-da oňa 15 ýyla çenli türme tussaglygy berilýär.

Ulýukaýewiň tutulmagy Orsýetiň maliýe sektoryny sandyratdy.

Orsýetiň köplenç “oligarhlar” birleşigi diýilýän “senagatçylar we işewürler” birleşiginiň başlygy Aleksandr Şohin özüniň Ulýukaýewiň bigünädigine ynanýandygyny aýtdy.

Ol: “Munuň hökümetde güýçli sargyna getirmegi mümkin” diýdi.

Ulýukaýew bilen beýleki ministrler

60 ýaşly Ulýukaýew döwlet kompaniýalarynyň hususylaşdyrylmagyna, şol sanda regional nebit kompaniýasy “Başneftiň” hem öten aý jedelli ýagdaýda 5 milliard dollara döwletiň kontrollygyndaky “Rosnefte” satylmagyna gözegçilik etdi.

Awgust aýynda bu söwda, Ulýukaýew bilen beýleki ministrler döwlet kompaniýasy hususylaşdyryş prosesine gatnaşyp bilenok diýip, garşy çykansoň yza süýşürildi. Onsoň Putin “Rosneft” goşulyp bilýär, sebäbi onuň bir bölegi “British Petroleum” kompaniýasyna degişli diýip, ara goşuldy.

“Rosneftiň” bäsdeşi “LUKoil” kompaniýasynyň yza çekilmegi bilen Rosneft ýeke-täk alyjy bolup galdy.

2013-nji ýylda ykdysady ösüş ministri edip bellenen Ulýukaýew ondan ozal onlarça ýyllap Orsýetiň merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary bolup işledi.

Soňky wagtlarda Orsýetde korrupsiýada aýyplanyp, ençeme ýokary derejeli adamlar tutuldy. Mysal üçin iýun aýynda 400 müň ýewro para alanlykda aýyplanyp, Kirow oblastynyň gubernatory Nikita Balyh tutuldy.

Sentýabrda hem polisiýa Moskwadaky kwartirasyna dökülip, 120 million dollar ele geçirensoň Içeri işler ministrliginiň polkownigi Dmitriý Zaharçenko tussag edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG