Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wan Gogh dogany baradaky habardan soň öz gulagyny kesipdir diýilýär


Van Gogh
Van Gogh

Suratkeşiň öz gulagyny kesmegini onuň ukybyndan, ruhy keselden ejir çekmeginden we ahyrynda suratkeş ýoldaşy Paul Gauguin bilen bolan gürrüňi bilen baglanyşykly hasaplaýarlar. Ýöne taryhçylaryň aýtmagyna görä, Vinsent van Goghuň şeýle ýowuz kararynyň has ýönekeýje sebäbi bolup biler. Ol şonda öz doganynyň öýlenmek karary baradaky habary eşiden ekeni.

Geçirilen barlaglaryň aýan edişi ýaly, Wan Gogh öz gulagyny kesen güni, ýagny 1888-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, onuň inisi Theonyň adaglanandygy hakdaky habary eşidipdir. Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle habary eşiden suratkeş özüniň ýalňyzlykda pulsuz galjagyny pikir edipdir.

Owalky barlaglara düzediş girizilipdir

Amaly-haşam sungatynyň taryhçysy Martin Baileý ol habaryň Wan Goghyň durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirip biljekdigini öňe sürüpdir. Şeýlelikde, ol dilegçi we jebir-jepa çekýän adama öwrülip bilerdi.

Bu waka barada özüniň täze kitabynda söz açan Baileý maşgalanyň şol döwre degişli we entek çap edilmedik hatlaryny birlaý barlandan soň, şeýle netijä gelipdir.

Ondan owalky barlaglarda gelnen netijä görä, Wan Gogh özüne zeper ýetirenden soň äkidilen keselhanasynda otyrka, dogany ony görmäge gelen mahaly özüniň adagly bolanyny buşlapdyr.

Suratkeşiň özüne zeper ýetirmegini bolsa, onuň Paul Gauguin bilen bolan gürrüňdeşligi bilen baglanyşykly hasaplapdyrlar. Wan Gogh muzeýiniň internet sahypasynda şeýle diýlipdir: "Winsent van Gogh Arlda bilelikde işleşen ýoldaşy Paul Gauguin bilen gürrüň edýän mahaly öz gulagyny kesipdir".

Bu ýyl bolsa suratkeşiň öz kesilen gulagyny bir jelebe berendigi barasynda aýdylýan gürrüňiň galatdygy belli bir derejede anyklanypdyr. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ol zenanyň jelephananyň işgäri däl-de, özüniň saglyk çykdajylaryny tölemek üçin, şeýle ýerde işlemäge mejbur bolan bir hyzmatkärdigi takyklanypdyr.

Theo elden gider öýdüp gorkupdyr

Baileýiň geçiren barlagy käbir ýagdaýy birkemsiz aýyl-saýyl edipdir.

"Suratkeşiň özüne şeýle zeper ýetirmeginiň esasy sebäbi ünsden düşürilipdir. Wan Gogh öz gulagyny kesmezden birnäçe sagat owal oňa Parižden bir hat gelip gowşupdyr. Hatda onuň jigisiniň Pariže aýlanmaga gelen Johanna (Jo) Bonger atly gollandiýaly bir zenan bilen tanşandygy we onsoň birnäçe günüň dowamynda bilelikde durmuş gurmagy karar edendigi ýazylypdyr" diýip, amaly-haşam sungatynyň taryhçysy geljek aý çapdan çykjak "Günortadaky ussahana: Wan Gogh Prowansda" atly täze kitabynda gürrüň beripdir.

"Winsent özüniň iň ýakyn syrdaşy Theony ýitirerin öýdüp gorkupdyr. Bu bolsa ony şeýle destruktiw hereketi amala aşyrmaga iteripdir" diýip, Martin Baileý ýazypdyr.

"Ol şol bir wagtyň özünde jigisiniň maliýe kömegini goýbolsun etmeginden howatyrlanypdyr. Sebäbi onuň berýän maliýe goldawy suratkeşiň sungat işleri bilen meşgullanmagyna mümkinçilik döredipdir".

"Adaglanandygy baradaky habar esas bolman biler, ýöne..."

Kitapda soň şeýle diýlipdir: "Wan Gogh jigisiniň adaglanandygy baradaky habara begenen bolsady, başdan geçirýän kynçylykly ýagdaýlaryna we hatda Gauguin bilen ýaramazlaşan aragatnaşygyna garamazdan, ol habary alandan birnäçe sagat geçensoň, öz gulagyny kesmegi ynandyryjy bolup bilmezdi".

"Adaglanmak – öýlenmek baradaky habar, belki, muňa esas bolman biler. Ýöne bu onuň destruktiw hereketini hasam öjükdiripdir".

Wan Goghyň maşgala agzalarynyň Amsterdamdaky Wan Gogh muzeýinde saklanýan hatlaryna görä, suratkeş 23-nji dekabrda Theodan maliýe goldawy bilen baglanşykly bir hat alypdyr.

Hatyň mazmuny biziň günlerimize gelip ýetmänsoň, häzir ol gümürtik bolmagynda galýar. Ýöne Jo Bongeriň uly dogany Henryniň hem edil şol gün adaglanandygy hakda buşluk hatyny alandygy mälimdir. Ondan iki gün owal bolsa Theo öz ejesine hat ýazyp, ondan öýlenmek üçin razylyk sorapdyr.

Theo täze ýylyň başynda keselhanadaky agasyny görmäge baran mahaly oňa özüniň öýlenjekdigini habar beripdir.

Theo bilen Jo şondan az wagt geçensoň, 1889-njy ýylyň 18-nji aprelinde toý edip, durmuş gurupdyrlar. Theo şondan iki ýyl geçensoň sifilis keseli sebäpli aradan çykypdyr.

XS
SM
MD
LG