Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Krymda adam hukuklarynyň bozulmagyny ýazgardy


Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serhiy Kyslytsya
Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serhiy Kyslytsya

BMG-niň paneli Krymda adam hukuklarynyň bozulmagyny ýazgaryp, Orsýete BMG-niň gözegçileriniň 2014-nji ýylda anneksiýa edilen ukrain territoriýasyna goýberilmegi üçin basyş etdi.

BMG-niň Baş assambleýasynyň adam hukuklary komiteti özüniň Krym baradaky ilkinji çäresinde Ukraina tarapyndan taslanan we ABŞ, Fransiýa we Britaniýa tarapyndan goldanan rezolýusiýany kabul etdi.

Bu rezolýusiýa 15-nji noýabrda sese goýuldy we ol 73 goldaw, 23 garşy we 76 saklanan sesler bilen kabul edildi. Ol indiki aý Assambleýanyň doly gatnaşygynda sese goýulmaly we kabul ediler öýdülýär.

Orsýet bu rezolýusiýanyň garşysyna berk lobbistlik edip, onuň «syýasy äheňlidigini» we «bir taraplydygyny» öňe sürdi. «Krymyň halky taryhy referendumda Orsýet bilen gaýtadan birikmegi saýlap aldy» diýip, Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmisi Anatoliý Wiktorow aýtdy.

Bu rezolýusiýa garşylykda Orsýete goldaw beren ýurtlaryň arasynda Hytaý, Eýran, Hindistan, Siriýa, Günorta Afrika, Gazagystan, Serbiýa we Demirgazyk Koreýa bar. Latyn Amerikasynyň köp ýurdy oňa ses bermekden saklandy.

Ukrainananyň daşary işler ministriniň orunbasary Serhiý Kyslytsýa Krymda, «sud-soragsyz öldürmeler, gorkuzmalar,eden-etdilikli tussag etmeler, gynamalar» we söz azatlygyna basyş etmek bilen, adam hukuklary ýagdaýynyň juda ýaramazlaşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG