Sepleriň elýeterliligi

Janyndan geçen bombaçy Kabulda 6 adamy öldürdi


Hüjüm Goranmak ministrliginiň howlusynyň golaýynda boldy

Hüjüm Goranmak ministrliginiň howlusynyň golaýynda boldy

Janyndan geçen bombaçy Kabulda howpsuzlyk güýçleriniň agzalaryny getirýän ulagy partladyp, 6 adamy öldürdi, 10 adamy ýaralady diýip, resmiler aýtdylar.

Bu hüjüm 16-njy noýabrda, Goranmak ministrliginiň howlusynyň golaýyndaky Pule-Mahmud diýen ýerde boldy diýip, Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Sedik Sediki aýtdy.

Sediki bombaçynyň özüniň pyýada bolandygyny hem sözüne goşdy.

Nyşana alnan awtoulag ýurduň Milli howpsuzlyk müdirligine, aňtaw gullugyna dahylly eken.

Hüjümiň jogapkärçiligini YD öz boýnuna aldy.

Prezident Aşraf Gani bu hüjümi ýazgarmak bilen, terrorçylar gorky-dowul ýaýradyp, öz hojaýynlarynyň maksatlaryna ýetip bilmezler diýdi.

XS
SM
MD
LG