Sepleriň elýeterliligi

Pakistan türk mugallymlaryny ýurtdan çykarýar


 Fethullah Gulen

Fethullah Gulen

Pakistan Birleşen Ştatlarda ýaşaýan ruhany Fethulla Gülen bilen ilteşikli diýilýän türk mekdeplerinde işleýän türkiýelileriň ýurtdan çykmagyny sorady. Ankara Güleni iýulda bolan agdarylyşyk synanyşygyny guramakda aýyplaýar.

Aýdylmagyna görä, PakTürk halkara mekdeplerinde we kolležlerinde işleýän mugallymlar, maşgalalary bilen, jemi 450 çemesi adam 20-nji noýabra çenli ýurtdan çykmaly, sebäbi olaryň wiza möhletini uzaltmak talaplary berjaý edilmedi.

Bu çäre türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Pakistana 16-njy noýabrda başlanýan saparynyň öň ýanyndan görüldi.

Ankara Yslamabatdan ýurtda Gülen bilen bagly toparlaryň ählisiniň mekdeplerini ýapmagy sorady.

Pakistanda 10 müňden gowrak okuwça bilim berýän PakTürk Gülen we onuň hereketi bilen hiç bir ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar. Bu gurama Pakistandaky mekdepleriniň işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG