Sepleriň elýeterliligi

Hasabat: Ýewropadan tä Orta Aziýa çenli iň uly problema ‘korrupsiýa’


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

Tutuş dünýäde korrupsiýa garşy iş alyp barýan “Transparency International” guramasynyň täze hasabatynda aýdylmagyna görä, Ýewropadan tä Orta Aziýa çenli bolan regionda ýaşaýan ilatyň üçden biriniň garaýşyça, bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz duran iň uly problemalarynyň biri korrupsiýadyr.

16-njy noýabrda çykarylan hasabatda Ýewropa Bileleşigine degişli ýurtlaryň aglabasyny, şeýle hem öňki sowet respublikalarynyň aglabasyny we Türkiýäni öz içine alýan regionda ilatyň üçden biriniň hökümet işgärleriniň we kanun çykaryjylaryň köpüsine ýa hemmesine korrumpirlenen diýip garaýandygy bellenýär.

Ilatyň ýaryndan ýokarysy öz hökümetleriniň döwlet sektoryndaky kurrupsiýa garşy ýeterlik göreş alyp barmaýandygyny aýdýar.

Bütin dünýäde korrupsiýa garşy iş alyp barýan guramanyň 2016-njy ýylky hasabaty günbatarda Britaniýa we Portugaliýadan tä gündogarda Orsýet we Gazagystana çenli bolan 42 ýurtda 60 müň adam bilen geçirilen söhbetdeşlige esaslanýar.

Korrupsiýa iň uly kynçylyklaryň biri

Barlagda bellenilişine görä, Moldowada ilatyň aglaba köplügini aladalandyrýan zat korrupsiýa. Soraglara jogap berenleriň 67 prosenti bu ýagdaýa öz jemgyýetleriniň ýüzbe-ýüz duran iň uly problemasy diýip baha berýär.

Kosowoda, Ukrainada we Bosniýa-Hersegowinada bolsa korrupsiýa ýurtdaky möhüm problemalaryň biri diýip garaýanlaryň sany 50 prosentden ýokary.

Rumynýada, Gyrgyzystanda, Serbiýada, Orsýetde, Ermenistanda, Gazagystanda we Makedoniýada ilatyň ýaryndan azragy – üçden birinden ýokarysy - korrupsiýa iň uly kynçylyklaryň biri diýip garaýar.

Hasabatda Ýewropada we Orta Aziýada ýaşaýan ilatyň üçden biri hökümet işgärleriniň we kanun çykaryjylaryň köpüsi ýa hemmesi korrumpirlenen diýip pikir etse-de, olaryň bu döwlet işgärlerine bolan ynam derejesi biri-birinden düýpgöter tapawutlanýar.

Mysal üçin, Ukrainada, Albaniýada, Bosniýada, Gyrgyzystanda, Rumynýada we Moldowada pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýaryndan gowragy parlament wekilleriniň ýokary derejede korrumpirlenendigini aýdýarlar. Moldowada bolsa, bu san 76 prosente deň.

“Gaty ýaramaz” ýa “gowşak”

Pikir soralyşyk geçirilen regiondaky ýurtlaryň aglabasynda ýaşaýan adamlar hökümetiň içindäki korrupsiýa garşy göreşmekde öz hökümetleriniň “gaty ýaramaz” ýa “gowşak” iş alyp barýandygyny aýdýar.

Syýasaty korrupsiýadan arassalamakda öz hökümetleriniň alyp barýan işlerine has tankydy garaýanlaryň arasynda ukrainler (86 prosent), moldowanlar (84 prosent), bosniýalylar hem (83 prosent) bar.

Hasabat şeýle hem parahorlugyň regiondaky ýurtlaryň köpüsinde adaty zat bolup galýandygyny görkezýär. Döwlet işgärlerinden gerekli hyzmatlary edinmekde para berendiklerini aýdan maşgalalaryň sany ortaça hasap bilen altynda bir.

Paranyň has köp duş gelýän ýeri Täjigistan. Bu ýerde pikir soralyşyga gatnaşan maşgalalaryň ýarpysy para berýändigini mälim etdi. Täjigistanyň yz ýanandan bolsa, 42 prosent bilen Moldawa gelýär. Azerbaýjanda, Gyrgyzystanda we Ukrainada bolsa, bu san 38, Orsýetde hem 34 prosente deň.

Paranyň has az duş gelýan ýeri Ýewropa Bileleşiginde durýan ýurtlar. Bularyň arasynda hem iň ýokary orunda durýan Rumynýa (29 prosent), iň aşaky orunda durýan hem Britaniýa (0 prosent).

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG