Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dilan Şwesiýada Nobel baýragy dabarasyna gatnaşmaz


Bob Dilan
Bob Dilan

Şwed Akademiýasy aýdymçy we aýdym ýazyjy, edebiýat boýunça 2016-njy ýylyň Nobel baýragyna mynasyp bolan Bob Dilanyň 10-njy dekabrda Stokgolmda geçýän sylag beriş dabarasyna gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Bu habar Şwed Akademiýasynyň Dilany, «Beýik amerikan aýdym däpleriniň çäginde täze şahyrana aňlatmalary döredendigi üçin» abraýly sylag bilen sylaglanyndan bir aý soň çykdy.

Şwed Akademiýasynyň beýanatynda Dilandan faks arkaly hat gelendigi, onuň özüne şeýle sylag berilmeginden hakykatdanam başynyň gök dirändigini we bu sylagy elin almak isleýändigini nygtandygy aýdylýar.

Beýanat Dilanyň 900 müň dollar nagt pul baýragy aljakdygyny, ýöne ony Şwesiýanyň patyşasy Karl XIV Gustafyň elinden kabul etjek däldigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG