Sepleriň elýeterliligi

"Şeýle milletparazyň nädip prezident saýlanandygyna düşünmeýärin"


Amerikada ýaşaýan musulmanlar.

Amerikada ýaşaýan musulmanlar.

Donald Tramp musulmanlaryň ABŞ-a gelmeginiň gadagan edilmegi barasynda teklip hödürläninde, onuň wise-prezidentlige dalaşgäri Mike Pense muňa "mertebäni peseldýän we baş kanuna gabat gelmeýän çykyş" höküminde baha beripdi.

Üç çaganyň enesi 40 ýaşyndaky Dilşat Ali Tramp şeýle teklip eden mahalynda-da, metjitleriň gözegçilik astyna alynmagyny islände-de, saýlaw kampaniýasy boýunça özünde hiç hili gorky duýmandyr.

Ulagyna Trampa goldaýan şygarlary ýelmän goňşylary hem saýlaw güni oňa diýseň mylakatly salam beripdirler.

"Göýä maňa garşy ses beripdirler"

Dilşat Ali dini we ruhany meseleler baradaky "Patheos" internet sahypasynyň redaktory höküminde musulmanlaryň galagoplugy hakda köpsanly makalanyň üstünde işlänem bolsa, hut özi şeýle gorka eýe bolmandyr.

Haçan-da, çarşenbe säherine çenli: "Bu gün irden ahyrynda menem şeýle ýagdaýy başdan geçirdim. Men muny şahsy ýagdaýym ýaly duýdym. Göýä olar maňa garşy ses beripdirler".

Amerikanyň yslam gatnaşyklary geňeşiniň (CAIR) geçiren pikir soralyşygyň netijelerine görä, her 10 musulmandan 7 sanysy demokratlaryň dalaşgäri Hillary Klintona ses berjekdigini aýdypdyr. Olaryň diňe ýüzden 4 göterimi Trampa ses berjekdigini bildiripdir.

Käbir musulmanlar Trampyň saýlanmagyny hyýanat hasaplapdyr. Göýä, ýurduň ýarysy olardan ýüz öwürýän ýaly.

"Garaşylmadyk ýagdaý! Esasy garaşylmadyk ýagdaý..."

"Iň gorkunç ýagdaý öten agşam boldy" diýen ýazyjy we daşary ýurt syýasat hünärmeni Wardah Halid sözleriniň üstüni şeýle ýetiripdir: "Öz saýlaw tilsimini sowatsyzlyk, zenanlara garşy hormatsyzlyk, musulmanlary we azlyklary sem etmek ugrynda saýlap alan adam ýurduň iň ýokary wezipesine saýlandy".

"Garaşylmadyk ýagdaý! Esasy garaşylmadyk ýagdaý... Hemmämiz dogrudanam gorkmaga başladyk. Men hijaply aýalymyň, çagalarymyň we aslynda näme bolup geçýändigine göz ýetirip bilmeýän azlyklaryň köçede nähili ýagdaýy başdan geçirjekdigini oýlanyp, gaty gorkýaryn" diýip, memfisli tanymal alym Ýasir Kadhi nygtapdyr.

Beýleki köpler ýaly ol hem Klintonuň prezident saýlanmagyna garaşypdyr.

"Käbir musulmanlar çagalarynyň mekdeplerde ýekirilmeginden we öjükdirmelere duçar bolmagyndan gorkýar. Sebäbi Trampyň ýolbaşçylygyndaky ýurtda yslama garşy bolan garaýyş bilen bir hatarda hereketleri hem öjükdirdi. Käbir zenanlar jemgyýetçilik ýerlerinde hijaply gezmäge çekinýärler" diýip, teksasly hukuk professory Sahar Aziz belleýär.

Musulmanlaryň bir bölegi Trampyň Adalat ugrynda we beýleki kanun goraýjy gulluklarda musulmanlyga garşy janköýerlik edýänlere wezipe bermeginden howatyrlanýar.

Optimist musulmanlar

ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek hasaba alnan musulman kolleji hasaplanýan Zaýtun kollejiniň professory Abdulla bin Hamid Ali saýlawyň netijelerinden hoşal bolmasa-da, Trampyň saýlanmagynyň adamlary hasam jebisleşdirjekdigine we munyň olaryň birek-biregine hasam merhemetli çemeleşmegine sebäp boljakdygyna ynanýar.

Duke uniwersitetiniň Yslam merkeziniň müdiri Omid Safi hem ýüze çykan bu ýagdaýyň musulmanlaryň we latyn amerikalylaryň, afrikaly amerikalylaryň, ýerli amerikalylaryň garyplar bilen "LGBT" toparynyň arasynda hasam ysnyşyklylyga sebäp bolmagyna umyt edýär.

"Iň kyn söhbetdeşlik"

Köpsanly musulman öz raýatlyk hukuklarynyň goralmagy üçin, göreşmegi dowam etdirjegine söz berýär.

Çarşenbe güni ir bilen Teksasda Şeih Omar Süleýman 13 ýaşyndaky gyzy bilen ömründäki iň kyn söhbetdeşligi geçirmeli bolupdyr:

"Ol şeýle milletparazyň nädip Amerikanyň prezidentligine saýlanandygyna düşünip bilmeýärdi. Hut meniň özüm hem düşünip bilmeýärdim. Ýöne men oňa şeýle adamlara garşy näme edýändigimizi ýatlatdym, ýagny biz olara garşy çykarys".

Ondan ýüzlerçe kilometr uzakda ýaşaýan Dilşat Ali hem özüniň 13 ýaşyndaky gyzy bilen ýaňky ýaly äheňde söhbetdeşlik geçirmäge mejbur bolupdyr.

Ol gyzyny ýola salandan soň, mekdebiň psihologyna jaň edip, çagasyna duýdurman, onuň ruhy ýagdaýyny barlap görmegini haýyş edipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG