Sepleriň elýeterliligi

Döwlet sekretarlygyna hödürlense, Rudi Julianiniň geçmişi derňeler


Rudi Juliani

Rudi Juliani

Rudi Juliani, Nýu-Ýork şäheriniň ozalky häkimi, aýdylmagyna görä, ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň döwlet sekretarlygyna bellejek ilkinji kandidaty bolup durýar.

Bu ýagdaý onuň, eger kandidaturasy hödürlense, geçmişde daşary ýurt liderleri we serbiýaly, orsýetli we eýranly toparlar bilen salşan işleriniň derňelmegine getirip biler.

Juliany ozalky döwlet sekretary Hillari Klintony, Ak tam ugrunda bäsleşýärkä, daşary ýurt hökümetleri we korporasiýalary bilen guran gatnaşyklary üçin tankyt edipdi.

Emma tankytçylar indi onuň özüniň hem ozalky gatnaşyklarynyň şeýle aýyplamalara getirip biljegini aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, Juliany 2012-nji ýylda Belgrada sapar edip, Serbiýanyň häzirki premýer-ministri Aleksandar Wusiç (Vucic) bilen duşuşypdyr.

Ýogsa ol şol wagt Serbiýanyň Slobodan Miloşowiç bilen bagly Progressiw partiýasynyň lideridi.

XS
SM
MD
LG