Sepleriň elýeterliligi

HOK-niň bargalaryndan üç gazak türgeni medallaryndan mahrum edildi


Gazak türgenleri

Gazak türgenleri

Gazagystanyň häkimiýetleri özüniň öňki üç olimpia türgeniniň medallaryndan mahrum edilendigini, muňa olaryň Halkara Olimpia komitetiniň (HOK) geçiren barlaglarynda şowsuz bolmagynyň sebäp bolandygyny aýtdylar.

17-nji noýabrda Gazagystanyň Olimpia komiteti agyr atletikaçy Irina Nekrasowanyň 2008-nji ýylda Pekinde gazanan kümüş medalyndan mahrum edilendigini mälim etdi.

Şeýle-de, agyr atletikaçy Maria Grabowetskaýa we göreşçi Aset Mambetow hem şol ýyly gazanan bürünç medallaryndan mahrum edildiler.

Halkara Olimpia komitetiniň geçiren gaýtadan barlamak kampaniýasyndan soň, gazagystanly olimpia türgenleriniň başga-da ençemesi oýunlardan daşlaşdyrylypdy.

XS
SM
MD
LG