Sepleriň elýeterliligi

HRW: “YD” söweşijileri yrakly öňki ofiserleriň ýüzlerçesini öldürdi


HRW: “YD” söweşijileri yrakly öňki ofiserleriň ýüzlerçesini öldürdi

HRW: “YD” söweşijileri yrakly öňki ofiserleriň ýüzlerçesini öldürdi

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Human Rights Watch” (HRW) guramasy “Yslam döwleti” atly terrorçylykly guramanyň söweşijileriniň yrakly öňki polisiýa ofiserleriniň 300-den gowragyny öldürendigini we olary Mosul şäheriniň çetindäki köpçülikleýin mazarda jaýlandyklaryny aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän guramanyň 16-njy noýabrda beren maglumatyna görä, köpçülikleýin mazar 12-nji noýabrda Mosulyň takmynan 30 kilometr günorta-gündogaryndaky Hammam al-Alil obasynyň golaýynda tapylypdyr.

“Bu Mosulda we onuň töwereginde [Yslam döwleti] tarapyndan öňki kanun goraýjy ofiserlere garşy amala aşyrylýan aýylganç köpçülikleýin öldürmeleriň ýene bir delilidir” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýakyn Gündogar boýunça direktorynyň orunbasary Joe Stork aýdýar.

Şele-de, gurama bu obadaky ýerli ýaşaýjylar “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň 7-nji noýabrda parahat ilatdan 2 müň çemesi adamy alyp gidendigini hem aýtdylar diýýär.

XS
SM
MD
LG