Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul: Ýyldyz uniwersitetiniň 37 mugallymy tutuldy


"Jemhuriýet" gazetini okaýan adam
"Jemhuriýet" gazetini okaýan adam

Stambulyň polisiýasy şäheriň Ýyldyz tehniki uniwersitetinde işleýän 37 mugallymy, iýulda başa barmadyk döwlet agdarylyşygynyň derňewi bilen baglylykda, tussag etdi.

Prokurorlar 18-nji noýabrda Ýyldyz uniwersitetiniň jemi 101 işgärini tussag etmek baradaky buýruga gol çekdiler, olar «ýaragly terror toparynyň agzalary bolmakda» güman edilýär.

Häkimiýetler olary bosgunlykda ýaşaýan ruhany Fethulla Gülen bilen ilteşikli hasaplaýarlar. Ankara Güleni agdarylyşyk synanyşygyny guramakda aýyplaýar. Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Gülen bu aýyplamany ret edýär.

Prokurorlar aýyplanan alymlaryň pikir alşylýan ByLock tilsimini ulanýandyklaryny, Gülene eýerijileriň bu tilsimi 2014-nji ýylda ulanmaga başlandyklaryny aýdýarlar.

Hökümet 17-nji noýabrda «Güleniň terror topary» bilen baglanyşykly diýilýän 203 sudýany işden boşatdy.

Agdarylyşyk synanyşygyndan soň görlen çäreleriň çäginde 110 müňden gowrak adam işden çetleşdirildi, 36 müňden gowrak adam türmä basyldy ýa-da suda garaşýar.

XS
SM
MD
LG