Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Özbegistana geldi


Prezident Erdogan Samarkantda
Prezident Erdogan Samarkantda

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan uly derejeli resmiler bilen gepleşmek üçin Özbegistana geldi.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan Daşkende 17-nji noýabr güni giçlik geldi we 18-nji noýabrda iş başyndaky özbek prezidenti Şawkat Mirziýaýew, beýleki uly derejeli resmiler bilen duşuşýar.

Erdogan Samarkanda baryp, ozalky prezident Yslam Kerimowyň mazaryna gül çemenini goýdy.

Erdogan 17-nji noýabrda Pakistanyň parlamentinde çykyş edip, Günbatary yslam dünýäsinde baş-başdaklyklaryň ýaýramagyna ýardam bermekde aýyplady.

Ol musulmanlary «ekstremistlere garşy bilelikde göreşmek üçin» mezhep aýraçylygyny gyra süýşürmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG