Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal gazak žurnalisti 'parahorlykda' aýyplanýar


«Merkezi Aziýa monitory» gazetiniň işgärleri
«Merkezi Aziýa monitory» gazetiniň işgärleri

Tanymal gazak žurnalisti resmilerden gorkuzyp pul almakda güman edilip saklandy.

Astana sudy 17-nji noýabrda žurnalist Bigeldi Gabdulliniň iki aýlap deslapky tussaghanada saklanmagy barada karar çykardy.

Gazagystanyň korrupsiýa garşy milli býurosy Gabdulliniň döwlet resmilerinden, olaryň «iş abraýyna zyýan ýetirýän materiallary çap etmek bilen», nagt pul almakda güman edilýändigini aýtdy.

61 ýaşyndaky Gabdullin 1990-njy ýyllarda gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew barada ýazan tankydy makalalary bilen meşhurlyk gazandy.

Ol 2000-nji ýyllaryň başynda, öz howpsuzlygyny alada edip, Birleşen Ştatlara gaçdy. Emma 2004-nji ýylda öz syýasy garaýyşlaryny üýtgedip, Gazagystana dolanyp geldi we hökümetçi «Merkezi Aziýa monitory» gazetiniň baş redaktory boldy.

Şeýle-de ol Radiotochka.kz internet täzelikler portalyny esaslandyrdy. Geçen aý Gazagystanyň Žurnalistler birleşiginiňozalky başlygy Seýitgazy Mataýew 6 ýyl tussaglyga höküm edildi. Ol salgytdan gaçmakda we maliýe serişdelerini nädogry ulanmakda aýyplandy.

XS
SM
MD
LG