Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň paýtagty Astanada mekdepler ýapyldy


Astanada sowukdan ýykylan bina.

Astanada sowukdan ýykylan bina.

Gazagystanyň paýtagty Astanada we gündogar Gazagystanda, adatdan daşary sowuk howa, gar we syrgyn zerarly, regionyň ähli mekdepleri ýapyldy.

Gündogar Gazagystan regionynyň merkezi Oskemende howanyň sowuklygy Selsiýa boýunça aýyrmak 40 gradusa bardy.

18-nji noýabrda Almaty we Karagandy regionlarynda, agyr syrgyn zerarly, birnäçe uly ýoluň hereketi togtadyldy.

Häkimiýetler ýakyn günlerde adatça ýylyň bu wagtynda bolmaýan sowuk howanyň bolmagyna we agyr garyň düşmegine garaşýarlar.

Goňşy Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 100 çemesi daragt, agyr gar sebäpli ýykylyp, 17-nji noýabrda 21 awtomobile zyýan ýetirdi. Bir adam bolsa ýaralandy.

XS
SM
MD
LG