Sepleriň elýeterliligi

Dadiniň aýaly adamsyny türmede gorkuzjak bolýandyklaryny aýdýar 


Anastasiýa Zotowa

Anastasiýa Zotowa

Rus aktiwisti, türmede urlup-enjilendigini we gynalandygyny aýdan Ildar Dadiniň aýaly türme häkimiýetleriniň, gorkuzmak üçin, öz adamsy bilen onuň kameradaşlarynyň arasynda dawa turzandygyny aýdýar.

Anastasiýa Zotowa Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň «Häzirki wagt» telekanaly bilen söhbetdeşlikde häkimiýetleriň golaýda Dadiniň oturan kamerasyna agyr jenaýatda ýazgarylan bir tussagy geçirendiklerini aýtdy.

Ol tussag hiç bir sebäpsiz Dadine topulmaga başlaýar we adamym türme sakçylarynyň goşulmajagyna göz ýetirip, özüni goramaga mejbur bolupdyr diýip, Zotowa gürrüň berdi.

Orsýetiň türme gullugy FSIN 17-nji noýabrda Dadiniň öz kameradaşy bilen suw gaýnadylýan kitir üstünde harçaňlaşandygyny habar berdi.

34 ýaşyndaky Dadin Orsýetiň ygtyýar berilmedik birden artyk proteste gatnaşmagy jenaýat hasaplaýan kanuny boýunça tussag edilen ilkinji aktiwist bolup durýar.

Ol iki ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi we ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Segeža şäheriniň türmesinde saklanýar.

XS
SM
MD
LG