Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabatda mahorka ýaly önümleriň söwdasy artýar


Türkmenabat, 17-nji noýabr, 2016.

Türkmenabat, 17-nji noýabr, 2016.

Türkmenabatda mahorka ýaly önümleriň söwdasy artýar. Bu temmäkini adamlar kagyza dolap, çilimiň ýerine çekýärler.

mahorkany kagyza, gazete dolap çekýärler

mahorkany kagyza, gazete dolap çekýärler

Türkmenabadyň bazarlarynda mahorkanyň kiçi bulgury bir manatdan satylýar. Ondan daşary bu mahorkany çilim şekilinde düýrläp, çekmäge taýýar görnüşinde hem satýarlar. Çilim görnüşde satylýan mahorkanyň 10 sanysy 2-3 manatdan satylýar.

Çilimiň gytçylygynyň döremegi we onuň gymmatlamagy bilen baglylykda, mahorka bolan talap hem güýçlenýär.

“Bir hepdäniň içinde 150 kilogram temmäki satýan wagtymam bolýar. Umuman ortaça alnanda, bir hepdede 80-90 kilogram satylýar” diýip, temmäki söwdasy bilen meşgullanýan 45 ýaşly türkmenabatly Ikram aýdýar.

Emma Ikram we mahorka satýan beýleki söwdagärler öz söwdasynyň depgininden we alýan girdejisiniň möçberinden kanagatlanyp baranoklar. Sigarete derek mahorkany çekýän çilimkeşler nägilelik bildirýärler. Olar mahorka diýlip satylan önümiň hilinden nägile bolup, onuň aslynda çeker ýaly mahorka däldigini aýdýarlar.

“Men näçe ýyl bäri mahorkany çekip gelýärin, şondan men onuň tagamyny gowy bilýän. Bu satylýan önümler bolsa mahorka däl. Onuň nämedigini hem aýdyp biljek däl” diýip, 70 ýaşlaryndaky türkmenabatly ýaşuly Stepan Wladimirowiç aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar ýurtda temmäkiniň önümçiligine garşy hökümet tarapyndan görülýän berk çäreleriň netijesinde, arassa temmäkiniň ýitip barýandygyny aýdýarlar. Türkmenistanda ekilýän temmäki diňe çekimlik üçin däl, eýse nas hem ýasalýar.

Häkimiýetler temmäki önümçiliginiň üstüni açan halatynda, hasyly ýakýarlar we eýesine uly jerime salýarlar.

Şeýlelikde, temmäki söwdasyndaky araçylaryň bu önüme dürli goşundylary, şol sanda dürli bag-bakja ýapraklaryny goşulýandygyny aýdýarlar.

“Arassa temmäki satýanlar indi azaldy” diýip, özüni Umyt diýip tanadan lebaply aýdýar. Umydyň sözüne görä, bu hili temmäki görnüşleri esasanam güýz aýlarynda, pomidordyr hyýaryň hasyly sowulandan soňra köpelýär.

“Girdeji gowy, önüm bolsa kän däl, şonuň üçin adamlar temmäkiniň içine ot-çöp ýa bolmasa dürli ösümlikleriň ýapragyny goşýarlar. Şonuň üçinem hil zaýaçylygy ýüze çykýar” diýip, temmäki söwdasy bilen meşgullanýan Merdan aýdýar.

Bu hili näbelli goşundylaryň adama zyýanlydygy barada hem aýdylýar. Mahorka çekýän adamlaryň ençemesinde demgysma ýaly keselleriň peýda bolýandygy hem aýdylýar.

Mahorkanyň söwdasy mundan iki ýyl ozal çilimiň gymmatlamagy bilen baglylykda artdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG