Sepleriň elýeterliligi

Trampyň geňeşçisi Güleni Türkiýä bermeli diýýär


Goranyş aňtaw gullugynyň ozalky direktory Maýkl Flin

Goranyş aňtaw gullugynyň ozalky direktory Maýkl Flin

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesine seçen generaly, Ankaranyň iýuldaky döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplan ruhanysyny ekstradisiýa etmek bilen, Waşingtonyň Türkiýe bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmalydygyny aýdýar.

Dynç alşa çykan general-leýtenant, Goranyş aňtaw gullugynyň ozalky direktory Maýkl Fliniň milli howpsuzlyk geňeşçiligine bellenýändigi 18-nji noýabrda yglan edildi. Ol Fethulla Güleni özüniň «The Hill» gazetindäki blogynda “Pensilwaniýada ýaşaýan şübheli yslamçy molla” hökmünde sypatlandyrdy we onuň “radikal yslamçylyk” gün tertibini ýaşyrýandygyny öňe sürdi.

"Güleniň giň ýaýran global guramasy howply, sessiz ýatan terror guramasynyň häsiýetlendirilmesiniň ähli alamatlaryny özünde jemleýär. Türkiýäniň nukdaý nazaryndan, Waşington Türkiýäniň Osama bin Ladenine penakärlik edýär” diýip, Flin saýlaw gününde ýazdy. "Biz oňa howp-hatarsyz pena bermeli däl" diýip, ol aýtdy.

Flin Gülene eýerijileriň Klinton fondunyň, Trampyň demokrat bäsdeşi Hillari Klintonyň maşgalasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän global sahawatlylyk guramasynyň donarlary bolandygyny hem sözüne goşdy.

"Türkiýäniň möhümligine täze bir nazar bilen seretmegiň wagty geldi" diýip, ol ýazdy. "Biziň öz daşary syýasatymyzy Türkiýäni ileri tutulýan mesele hökmünde ykrar etmekden ötri düzetmegimiz gerek. Biziň dünýä Türkiýäniň nukdaý nazaryndan bakmagymyz gerek" diýip, Flin aýtdy.

Fliniň bu sözlerine gabat, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Trampyň ýeňşini Ankaranyň Waşington bilen gatnaşyklaryndaky «täze eýýam» hökmünde magtady we 8-nji noýabrdaky saýlawlardan bäri Güleniň haýal etmezden özlerine gowşurylmagy baradaky talaplaryny güýçlendirdi.

Obamanyň ýolbaşçylygyndaky Ak tam, Erdogany lapykeç edip, Türkiýäniň ekstradisiýa talabynyň kanuny esasynyň bardygyny ýa ýokdugyny kesgitlemegi Adalat departmentine galdyrjakdygyny aýtdy we bu uzak, býurokratik prosesden habar berýär.

Gülen we onuň bilen bagly mekdepler, sahawat guramasy Birleşen Ştatlarda hiç bir jenaýatda aýyplanmady. Mundanam başga, Gülen terrorçylygy hem-de Türkiýede başa barmadyk agdarylyşygy gaýta-gaýta ýazgaryp çykyş etdi.

Güleniň aklawçylarynyň biri Jason Weinstein Fliniň Gülen baradaky sözlerini «howsalaly» diýip häsiýetlendirdi, emma ol Birleşen Ştatlaryň bu meselä adalatly çemeleşmegi dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.

"Biz bu ýerde kanunçylyga eýeriljegine, syýasatyň [Adalat departamentiniň] wezipeli resmileriniňçykarjak netijesine goşulmazlygyna umyt edýäris we garaşýarys. Eger-de kanuna eýerilse, onda biz jenap Güleniň Türkiýä yzyna, görnetin gynaga sezewar boljak,galp sud ediljek we jezalandyryljak ýerine berilmejegine ynamly” diýip, Weinstein aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG