Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Hojamämmedowa 'soňky duýduryşyny' berdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bäşimmyrat Hojamämmedowa "berk käýinç» berdi.

Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda aýdylmagyna görä, wise-premýer «wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurduň ykdysadyýetinde işleri pes derejede alyp barmakda» tankytlanýar.

Bellemeli ýeri, Hojamämmedow "ýol berlen kemçilikleri" gysga wagt içinde düzetmeli, bu oňa soňky gezek duýdurylýar.

Prezident Berdimuhamedew şu hepde döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, harby we hukuk goraýjy edaralardaky «maldarçylyk meselesi» bilen gyzyklananda, ýurduň milli howpsuzlyk ministrine hem, bir aý içinde, ikinji käýinjini beripdi.

Wise-premýer Hojamämmedowa berlen berk käýinjiň esaslandyrylyşy mundan öňki resmilere berilýän käýinçlerden biraz tapawutlanýar. Ýagny ol, "wezipe-borçlary talabalaýyk ýerine ýetirmezlik», «ýolbaşçylyk edýän pudagyna gözegçiligi gowşatmak» ýaly umumy aýyplamalardan başga, ýurduň ykdysadyýetindäki işleriň pese gaçmagynda gönüden-göni günäkärlenýäne çalym edýär.

Bazarlarda haryt bolçulygy we elýeterli bahalar

Mälim bolşy ýaly, prezident Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklary belli derejede boýun alýar we olaryň energiýa nyrhlarynyň peselmegi bilen dörän global ykdysady kynçylyklar bilen baglydygyny öňe sürýär.

Şonuň bilen bir wagtda, hökümet maslahatlarynda getirilýän sanlarda türkmen ykdysadyýetiniň kadaly ösýändigi, ilata berilýän ýeňillikleri saklap galmagyň başardýandygy, ýurtda milliardlarça dollara durýan desgalaryň gurulýandygy gaýtalanýar.

Ikinji tarapdan, Ýaşulular maslahatlarynda garaşsyzlygyň başky ýyllarynda girizilen ýeňillikleri we mugt hyzmatlary ýatyrmak, olaryň bazara geçmekde päsgelçilik döredýändigi barada mesele gozgalýar.

Nobatdaky hökümet maslahatynda elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba alyjy elektron abzallary öndürýän önümçilik we barlaghana enjamlary toplumlaryny gurmak barada şertnama baglaşmaga rugsat berilmegi, belki-de, bu ugurda ädilýän anyk ädimdir.

Mundan öň Berdimuhamedow mugt we ýeňillikli bahadan berilýän awtomobil ýangyjy meselesinde «ýeňillikler syýasatyndan» çykmagy karar edipdi.

Şonuň bilen bir wagtda, türkmen manadynyň dollaryň garşylygyndaky hümmetiniň hakykatda pese gaçmagy, aýlyklaryň gijikdirilmesiniň ençeme aýlap dowam etmegi, dollar alyş-çalyş nokatlarynyň ýapylmagy bilen bazarlarda dörän ýagdaý türkmen häkimiýetlerini has netijeli çykalga gözlemäge iterýän ýaly.

Hökümet maslahatynda prezidente Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky bazarlary alyjylar jemgyýetlerine ýerlemek barada teklip hödürlenmegi hem şu gözlegden habar berýär.

Prezident söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Batyr Atdaýewiň bu teklibine 'ýok' diýmedi we meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Şeýle-de ol ýene bir gezek dükanlarda we bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek, bahalaryň elýeterliligini üpjün etmek barada «käbir anyk tabşyryklary» beripdir.

Bu tabşyryklar, ozal hem şeýle tabşyryklaryň berlendigine garamazdan, ýurtdaky haryt gytçylygynyň, basyş bilen saklanjak bolýan bazar nyrhlarynyň köşkdäki islege beýle bir «boýun bolmaýandygyny» görkezýär.

Gepiň gerdişine aýdylsa, ýerli synçylar ýurtda ykdysady erkinligiň azdygyny, kärendeçilere ýokardan berilýän planyň we döwlet satyn alyş nyrhlarynyň üýtgewsiz diýen ýaly saklanyp galmagynyň önüm bolçulygynyň döredilmegine böwet bolýandygyny, meseläniň özeneine gitmän, her ýygnakda birki resmini günäkärlemegiň çykalga däldigini aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG