Sepleriň elýeterliligi

ABŞ rus dikuçarlaryny satyn almagy bes eder


Senator Kris Mörfi (Chris Murphy)

Senator Kris Mörfi (Chris Murphy)

Pentagon Kongrese Owganystan üçin Orsýetiň Mi17 dikuçarlaryny satyn almagy togtatmagy, olara derek amerikan dikuçarlaryny satyn alyp başlamagy planlaşdyrýandygyny habar berdi.

Bu barada Konnektikut ştatyndan saýlanan kanun çykaryjylar aýtdy.

“Men, Orsýet Siriýada Başar al-Assadyň režimini goldaýan we gündogar Ukraina goşunsalýan wagtynda, ABŞ hökümetiniň salgyt töleýjileriň puluny Owganystanda dikuçar almak üçin Orsýete ibermeginiň sebäbine hiç wagt düşünip bilmerin" senator Kris Mörfi 18-nji noýabrda bu plany yglan edende aýtdy.

"Pentagon dikuçar satyn alsa, olar Amerikada ýasalan bolmaly” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG