Sepleriň elýeterliligi

Leonid Krawçuk: Ukrain liderleri parahatçylykly çözgüt tapmaly


Leonid Krawçuk

Leonid Krawçuk

Ukrainanyň ilkinji prezidenti, Sowet Soýuzynyň 25 ýyl ozal parahatçylyk bilen sökülmegine kömek eden Leonid Krawçuk ukrain liderleri şu günki gün hem gündogardaky separatist konfliktini çözmekde şeýle çözgüt tapmaly diýýär.

"Biz şonda öz halklarymyzyň pikirlerine gulak asdyk we[sökülme] şertnamalaryna gol çekdik. Onsoň näme üçin biziň ýurdumyzyň liderleri bu gün öz uruş islemeýän halklarynyň isleglerine laýyk gelýän çözgüt tapyp bilmeýärler?" diýip, Leonid Krawçuk 18-nji noýabrda Waşingtonda, Atlantik geňeşiniň gurnan çäresinde aýtdy.

Şeýle-de Krawçuk Günbataryň, Kreml Ukraina garşy agressiýasynybes etmäge razy bolýança,Orsýete garşy ykdysady basyş dowam etdirmelidigini nygtady.

XS
SM
MD
LG