Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Orsýetiň howa-gorag sistemasyny satyn almakçy bolýar


Orsýetiň kämilleşdirilen S-400 howa-gorag sistemasy

Orsýetiň kämilleşdirilen S-400 howa-gorag sistemasy

Orsýet bilen Türkiýe Ankaranyň kämilleşdirilen S-400 rus howa-gorag sistemasyny satyn almagy barada gepleşiklere başlamakçy bolýar.

Orsýetiň Harby-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky federal gullugynyň başlygy Aleksandr Fomin 18-nji noýabrda Interfaks habar gullugyna hökümetara komissiýanyň basym S-400 howa-gorag sistemalaryny satmak mümkinçiligi barada duşuşyk geçirmegi ähtimal diýdi.

Türkiýäniň goranmak ministri Fikri Isik 17-nji noýabrda Ankaranyň rus sistemasyny satyn almagyň pikirini edýändigini, emma ýurduň NATO ýaranlarynyň başga çözgütleri teklip etmeklerine hem umyt baglaýandygyny sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG