Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin APEC sammitine geldi


Цladimir Putin
Цladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Aziýa-Ýuwaş okean sammitiniň gapdalyndan hytaý, ýapon, wetnam, flippin we peru liderleri bilen duşuşar.

Putin Lima 19-njy noýabrda, sammite gatnaşmak we bir topar ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmek üçin geldi.

Onuň ilkinji duşuşyga Wetnemyň lideri Tran Dai Kuang bilen bolar. Bu ýurduň APEC toparynyň geljek ýyldaky gezekli prezildenti bolmagyna garaşylýar.Iki ýurduň liderleri Ýewraziýa Ykdysady bileleşigi bilen Wetnamyň arasynda azat söwda zonasy döredileninden soň özara söwdany güýçlendirmekmümkinçilikleri barada maslahat eder.

Harby hyzmatdaşlyk we ýadro energiýasy meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar. Soňra prezident Putin Filippinleriň prezidenti Rodrigo Duterte we Peruwyň premýer-ministri Pedro Pablo Kuczynski bilen duşuşar.

Şeýle-de Putin Hytaýyň prezidenti Si Jinping bilen şu ýyldaky bäşinji duşuşygyny geçirer. Soňky duşuşyk ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bilen bolar we olar Putiniň 15-16-njy dekabrda Ýaponiýa etjek sapary barada maslahatlaşar.

XS
SM
MD
LG